TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRY

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry ilkinji gezek Ýaş tomaşaçylar teatry ady bilen 1937-nji ýylda döredildi. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde bolup geçen pajygaly ýer titremesi sebäpli teatryň jaýy tutuşlaýyn ýykyldy. Şondan soň, teatr öz işini bes etdi. 1963-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat şäherinde Ýaş tomaşaçylar teatryny döretmek hakynda karar kabul edildi. 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrynyň jaýynda teatr wagtlaýyn öz işine başlady. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatry watançylyk hem-de milli ruhdaky, türkmen ýaşlarynyň durmuşyny dogruçyl açyp görkezýän oýunlary goýup, öz tomaşaçylaryny begendirip ugrady. 2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu teatr Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry diýip atlandyryldy. 2006-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda teatr Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň ugrunda bina edilen täze jaýa göçüp bardy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly sahnalary bolup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleri döredijilik toparynyň irginsiz zähmet çekmeklerine uly mümkinçilikler döredýär. 2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda medeniýeti, teatr sungatyny döwrebap ösdürmek, medeni dynç-alyş şertlerini has hem gowulandyrmak maksady bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda halkymyzyň gahrymançylykly taryhynda Watansöýüjilige, mertlige ruhlandyrýan dessanlardan täze has kämil sahna eserlerini döredendigini, toplan baý tejribesini, şeýle-de giň tomaşaçylar köpçüliginiň isleglerini nazara alyp, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry diýlip atlandyryldy.