Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda rezissýor H.Berdiýew tarapyndan sahnalaşdyrylan G.Kakabaýewiň „Magtymguly Pyragy“ spektaklynda şahyryň ömrüniň hem döredijiliginiň aýry-aýry pursatlary hakynda täze edebi usullar arkaly täsirli söz açylýar. Teatryň halka hödürlän bu täze sahna eseri özüniň saldamly many-mazmuny, özboluşly žanr aýratynlygy bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Spektakla tomaşa eden dürli kärdäki adamlaryň „Bu eser bagtyýarlyk döwrüniň teatr sahnasynda uly edebi çeper hadysa derejesine göterlen spektakl“ diýip bellemekleride munuň şeýledigine şeksiz şaýatlyk edýär. Eseriň çeper many-mazmuny şahyryň öz goşgulary arkaly açylyp görkezilýär. Bu bolsa eseriň şowly çykmagynda aýgytly täsirini ýetiren özboluşly edebi usuldyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly Pyragynyň beýik hem manyly oýlanmalary onuň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Spektakl hut şu edebi-çeper usula ýugrulanlygy üçinem tomaşaçylaryň çuňňur söýgüsini gazanmagy başardy. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky manyly sözleri spektakla özboluşly öwüşgin berýär.