Teatryň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew
Handurdy Berdiýew 13.10.1965 ý.
Doglan ýeri - Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmant-Gökje daýhan birleşigi.
H.Berdiýew 09.1982-08.1988ýý Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki N.Çerkasow adyndaky teatr saz we kinematografiýa döwlet institutynyň “drama we kino artisti” hünärini tamamlady. 08.1988-10.1993ýý Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň II-nji derejeli artisti, 10.1993-05.1999ýý Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň ýokary derejeli artisti, 05.1999-04.2001ýý. Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahna ussady, 04.2001-03.2007ýý Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, 03.2007-10.2015ýý Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň baş ýolbaşçysy, 10.2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysy bolup işleýär.
H.Berdiýew öz döredijilik işini 1988-nji ýylda başlady. Ol Teatryň sahnasynda ençeme şowly rollary ýerine ýetirdi.
Teatrda döreden keşpleri: “Ýurt” -Nedir Şa, “Watan hakda üç aýdym” -Gowşut han, “Nusaý söýgüsi”-Orot, “Amanat giýew” -Şerif, “Aşyk Peýker” -Kelan, “Şapak” -Aman aga, “Kabyl bilen Habyl” -Kabyl, “O boldy, nä bu boldy” -Arkab, “Kemal” -Salyh, “Uly oglum” -Wasenka, “Pygamberler nalasy” -Gad, “Wah siz erkekler” -Tarhan, “Altyn jüýje” -Möjek, “Halas ediň” - owganly esger, “Münnejim” -Münnejim, “Iki anekdot” -Wanýa, “Ýagşyzada we haramzada” -Gudyşkin, “Gedaý Bagşy” -Kaýsar şa, “Däliler” -Öwez, “Oýun bir maza iki” -Sapar Kiçiýew, “Söýgi duralgasy” -Allamyrat, “Soltan Alp Arslan” -serkerdebaşy, “Jelaletdin soltan” -wezir, “Baba Gambar” -Hemdem, ”Şeýtanyň jennetden kowulyşy” -Adam ata, ”Urgy” -Partor, “Aýal arwah” -Zeýn, “Magtymguly Pyragy” -Derwüş
Režissýorlyk eden spektakllary: ”Magtymguly Pyragy”, ”Ýurt”, “Watan hakda üç aýdym”, “Gyrat”, “Jahan jomardy”, “Döwletli döwran geldi”, “Ýagtylan köňüller”, “Gumly gelin”, “Galkynan göwünler”, “Hak aşyklar”, “Täze maşgala”, “Awazada asal aýy”, “Wah gara gözler”, “Gabanjaň gelin”, “Halas ediň”, “Hakydalar ummany”, “Täze ýyl şowhuny” “Gülki sowgady”, ”Ak ýigit we Zümmeret”, “Goja çynar”, “Elwan ýaglykly serwim” “Münejjim” “Ependi, sen kim!” “Garaşanym” “Gezekli çemçe” “Alty gelin” “Yşk mekany Hindistan” “Näzli dildarym” “Gyzyl alma” “Seýitnazar Seýdi” “Türkmeniň ýoly” “Ak gämi” “Görogly we Agaýunus” “Akyldar”, “Sabyr Ataýewa”
Çeper filimlerde: “Berç”,“Keremli söz”, “Täze ýyl men saňa barýan”, “Oguz rowaýaty”, “Mollanepes”, “Lukman Hekim”, “Umyt mukamy”, “Ýazgyt”, “Awazanyň aýdymy”, “Ýumajyklar”, “Wyždan azaby”, “Ýyldyzlar öçmeýärler”, “Magtymguly Pyragy”.
Berdiýew Handurdy Döwlet möçberinde geçirilýän çäreleriň režissýory hökmünde tanalýar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde elde baryny edip teatryň baş ýolbaşçysy hökmünde iş başarjaňlygyny gaýgyranok.
Döwlet sylaglary: “Türkmenistanyň at gazanan artisti” -1999ý;
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi -1999ý;
“Watana bolan söýgüsi üçin” ýubileý medaly -2001ý;
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly -2011ý;
Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni -2013ý;
“Magtymguly Pyragy” medaly -2014ý.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi -2006ý.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly -2021ý.
“Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly -2024ý