Bilbil Mämmedow
Bilbil Mämmedow 05.07.1950 ý.
Doglan ýeri: Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheri
1968-1973ýý Moskwa şäheriniň M.Şepkin adyndaky ýokary teatral uçileşesini tapawutlanan diplom bilen gutardy. 1973-1982ýý Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti, 1982-1984ýý Moskwa şäheriniň ýokary režissýorlaryň we ssenariýçileriň ýokary kursyny tapawutlanan diplom bilen tamamlady. 1985-1999ýý „Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň režissýory, „Ýaşlyk“ döredijilik birleşmesiniň režissýory, 1999-2007ýý Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş režissýory, 2007-2009ýý A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş režissýory, 2009-2011 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş režissýory, 2011-2014 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Režissura we teatry öwreniş” kafedrasynyň mugallymy. 2014-njy ýyldan häzirki wagta çenli: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň oýun goýujy režissýory.
Bilbil Mämmedow birnäçe oýunlar, filmler üçin saz ýazdy. Aktýor, ssenariçi, teatr we kino režissýory.
“Gün hasaby”, “Türkmenler”, “Öz obamyň adamlary”, “Daşmaňlaý”, “Kel bagşy”, “Heserli” “Kagyza siňen ykbal”-filmlerde surata düşdi;
“Ýalançy”, “Günlerde bir gün”, “Garly”, “Lebap nagmalary”, “Ýaşlygymyň dessany”, “Arçaly adam”, “Merjen däneleri”, “Ak altyn”, “Ýaşlygymyň aýdymy”, “Şahandaz Japbaklar”, ”Ah, Weli, Weli”, “Enem sen” atly -filmleriň ssenarisini ýazdy;
“Kepderi”, “Arçaly adam”, “Ýaşlygymyň aýdymy”, “Şahandaz Japbaklar”, “Ah, Weli, Weli...” -filmlere saz ýazdy;
“Arçaly adam”, ”Türkmenler”, “Şahandaz Japbaklar”, ”Ah, Weli, Weli” -filmleriň hudožnigi;
1983ý-“Ýalançy”, 1985ý-“Günlerde bir gün”, 1987ý-“Garly”, 1987ý-“Zawod söhbeti”, 1992ý-“Ýaşlygymyň dessany”, 1995ý-“Arçaly adam”, 2004ý-“Merjen däneleri”, 2006ý-“Ýaşlygymyň aýdymy”, 2012ý-“Şahandaz Japbaklar”, 2014ý-“Ah, Weli, Weli...” -filmleri surata düşürdi;
“Juwan kalbym”, “Nepes sen”, “Täze ýyl ertekisi”, “Toýdan öňki tomaşa”, “Ibn Sina” (“Gündogar ýyldyzy”). -pýesalary ýazdy;
“Owadan”, “Şapak” “Kalp tary”, -spektakllarynyň sahna bezegini ýerine ýetirdi;
“Nusaýda”, “Şazadalaryň aýdymy”, ”Baba Gambar”, “Nejep oglan”, “Juwan kalbym”, “Göroglynyň sawçylary”, “Nepes sen” -oýunlary saz bilen bezedi;
“Perişdeler gijesi”, “Juwan kalbym”, “Blez”, “Ene toprak”, “Göroglynyň sawçylary”, “Nepes sen”, “Nurana şekiller”, “Täze ýyl ertekisi”, “Söýgi duralgasy”, “Taýharjyk”, “Paýhasyň güýji”, “Toý” “Hüwdi”, “Gündogar ýyldyzy”, “Kalp tary” -oýunlary sahnalaşdyrdy;
1992ý. -Nant (Fransiýa), 1993ý.-Stambul (Türkiýe), 1994ý.-Tähran (Eýran), 1995ý.-Moskwa (Russiýa), 1996ý.-“Kinotawr (Soçi), 1997ý.-“Kinoşok” (Anapa), 2014ý.-Stambul (Türkiýe), 2014ý.-Malatýa (Türkiýe) 2014ý.-Bişkek (Gyrgyzystan) -kinofestiwallara gatnaşdy;
2014-nji ýylda Bişkekde (Gyrgyzystan) geçirilen IV Halkara kinofestiwalynda “Ah, Weli, Weli”- filmi baş baýraklaryň ikisine mynasyp boldy.
Döwlet sylaglary: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri“ -1995 ý.
„Watana bolan söýgüsi üçin“ medaly -1997ý.