Alty Sallandyýew
Alty Sallandyýew. 11.03.1963ý.
Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Baýramaly şäheri.
1988-nji ýylda Sankt-Peterburgyň N.Çerkasow adyndaky teatr saz we kinematografiýa institutynyň ”drama we kino artisti” hünärini tamamlady. 08.1988-11.2001ýý. Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti, 11.2001-07.2007ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady, 07.2007-10.2015ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, 10.2015-05.2017 ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, 05.2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady bolup işleýär.
Teatrda oýnan spektakllary: “Ýeserler”-Gurban aga, “Sawçylar”–Meýlis, “Amanat giýew”-Parnak; “Gülki sowgady”, “Çandu” we beýleki çagalara degişli spektakllarda, “Şapak”; “Bir bakyşda söýen ýarym” , “Wah siz erkekler” spektaklynda, “Aşyk peýker”, “Daňdanakan bürgütleri”, “Jelaletdin Soltan”; “Täsin tebip”
Çeper filimlerde: “Keremli söz-Diwana, “Ajaýyp”-Şammy Şum, “Ýatsam düýşümde, tursam huşumda”-Şapur.
Döwlet sylaglary: „Türkmenistanyň at gazanan artisti“ -2009ý.