Magtymguly Pyragynyň köňül sesi Gazagystanda ýaňlandy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milletimize bagş eden giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary “Beýik Pyragynyň 300 ýyllygyna” bagyşlap “Akyldar” atly mono-spektakly halk köpçüligine hödürledi. Bu spektakl sözüñ güýji bilen añlary galkyndyrmagy başaran dana şahyrymyzyň ömür ýoly, pelsepesi barada sahnalaşdyrylan ilkinji mono-spektakldyr. Eserde ykbalyny halkynyñ hem tutuş adamzadyñ ykbalyna baglan Magtymguly Pyragynyñ hakykaty, adalaty agtarmak, Berkarar Döwlete ýetmek, ynsanlary ýagtylyga, ýagşylyga, söweşsiz dünýä gurmaklyga çagyrmak ýaly aýgytly maksatlary bar. Ýöne şeýle manyly matlaplara ýetmek ugrundaky göreşde Pyragy ýowuzdan-ýowuz synaglara döz gelip, ot-ýalynyñ içinden geçmeli bolar... “Akyldar” sahna eseri arzuw bilen ajalyñ çaknyşygydyr. Gadam Kakabaýewiň ýazan bu sahna eserini teatryň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrdy. “Akyldar” spektaklynda Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Döwletmyrat Hanmämmedow janlandyrdy. Spektaklyň sahna bezegini teatryň suratkeşi Mekan Annamyradow, saz bezegini Mämmet Hydyrow ýerine ýetirdi. Golaýda “Akyldar” sahna eseriniň ilkinji görkezilişi dostluk Gazagystan döwletinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäklerinde Gazagystanyň K.Konuşbaýew adyndaky milli sazly drama teatrynda boldy. Spektakla tomaşa etmäne gelen doganlyk halkynyň raýatlary bu eseri gyzgyn kabul etdiler. Doganlyk döwletiň çäginde ýaňlanan Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga, agzibirlige çagyrýan köňül sesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milliligimize, gadymy mirasymyza, ruhy çyragymyz Magtymguly Pyragynyň röwşen ruhyna goýýan belent sarpasynyň şöhlelenmesiniň aýdyň subutnamasy bolup çykyş etdi.

Teatr

Garaşylýar..