Täze möwsümde – täze ruh, täze hyjuw!

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän çäksiz mümmkinçiliklerinden peýdalanyp agzybir zähmet çekýän Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary täze ruhy hyjuw, täze joşgun bilen häzirki teatr möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk görýärler. Bu taýýarlyk döwründe teatrymyzyň halypa artistleri özleriniň ençeme ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribelerini, sahna sungatynyň inçe tilsimlerini, duýgy düşünjelerini teatrymyzyň ýaş artistlerine, esasan-da döredijilik toparymyza şu teatr möwsüminde gelip goşulan, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň zehinli uçurumlaryna özleşdirmäge uly kömek hem goldaw berýärler. Häzirki wagtda teatrymyzyň sahnalarynda teatryň repertuarynda bar bolan birnäçe sahna eserine täze ýaş aktýorlary, aktrisalary girizmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary täze teatr möwsüminde-de Gahryman Arkadagymyz üçin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz üçin, tutuş türkmen halkymyz üçin elde baryny aýaman zähmet çekmeklige dowam eder.

Teatr

Garaşylýar..