Teatrda täze dörän eserler!

Berkarar döwletimiziñ täze eýýamynyñ galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ irginsiz çekýän zähmetleri, yhlaslary netijesinde milli medeniýetimiz hem sungatymyz täze sepgitlere, ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Milli Liderimiziñ, hormatly Prezidentimiziñ mübarek menzillerinden çetde durmazlyk hem-de halkymyzyñ isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyñ Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyz ýygy-ýygydan täze sahna eserlerini sahnalaşdyrmaklyga dowam edýär. "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda häzirki wagta çenli teatryñ sahnasynda üç sany täze spektakl sahnalaşdyryldy. Olaryñ ilkinjisi Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyñ ýazan, Türkmenistanyñ at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiñ sahnalaşdyran "Hak aşyklar" pýesasydyr. Bu eser talyp durmuşyndan söz açýar. Bagtyýar ýaşlaryñ manyly matlaplary, arzuw-umytlary, söýgüleri eseriñ içinden eriş-argaç bolup geçýär.

    Şanly üstünliklere beslenen senede halkymyza hödürlenen ikinji sahna oýny Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Gowşutgeldi Dañatarowyñ galamyndan çykan, Bilbil Mämmedow tarapyndan sahnalaşdyrylan "Maşgalam baş galam" spektaklydyr. Sahna eserinde maşgalanyñ gymmatyndan, agzybirligiñ ähmiýetinden söhbet açylýar. Spektaklda ýaşuly nesil ýaş nesle ýol görkeziji bolup hereket edýär.

      Beýik Pyragynyñ 300-ýyllygyna bagyşlanyp döredilen "Akyldar" atly mono-spektaklymyz teatrmyzyñ halkymyza üçünji sowgadydyr. Magtymgulynyñ durmuş pelsepesine, edebine, ygraryna, ykbalyna ýugrulan sahna eserini ýazan Gadam Kakabaýew bolup, sahnalaşdyran Türkmenistanyñ at gazanan artisti Handurdy Berdiýewdir. Teatrymyz ýurdumyzda döredilýän giñ mümkinçiliklerden peýdalanyp täze sahna eserlerine ýüzlenmeklige, döredijilik äleminde täze gözleglere dowam eder.

 

Teatr

Garaşylýar..