Oguljan Bekiýewa

Oguljan Bekiýewa 13.06.1969 ý.

Doglan ýeri: Lebap welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk şäherçesi.

1990-njy ýylda Moskwa şäheriniň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral uçilişesiniň “drama teatrynyň we kino artisti” hünärini tamamlady. 01.1993-08.1993ýý. Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynyň artisti, Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň 1-nji derejeli artisti, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti, 05.2001-01.2009ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ýokary derejeli artisti, 01.2009-10.2015ýý Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady, 2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady bolup işleýär.

Teatrda döreden keşpleri: “Gyz ömri gylsyrat” – gyz, “Yşgyň gämisi”- Zyba, “Yşgyň gämisi kenarda”- Zyba, “Amanat giýew”- Adile-dudu, “Süýji durmuşyň gapysy ”- baýyň aýaly,  “Altyn jüýje”, “Beýik gurbaga”,  “Gülki sowgady”, “Seljuk söýgüsi”- Nigar, “Iki anekdot”- Katrin, “Daňdanakan bürgütleri”- Hatyn ene, “Kabyl-Habyl”- How ene, “Awazada asal aýy”- Aýnabat, “Döwletli döwran geldi”- Selbi, “Goja çynar”- Anna Myradowna.

Çeper filimlerde: “Küştçi”

Döwlet sylaglary: Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň   ýeňijisi-2007ý.

“Türkmenistanyň at gazanan artisti” -2008ý. 

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly-2011ý.

Teatr

Garaşylýar..