Hudaýberen Gylyjow
Hudaýberen Gylyjow
Hudaýberen Gylyjow 04.01.1952ý
Doglan ýeri: Balkan welaýatynyň Magtymguly şaherçesi.
1967-1970ý. Aşgabadyň Medeni-aň bilim tehnikumynyň tans bölüminde okap tans öwrediji hünärini aldy. 1970 ýyldan tä 1998 ýyla çenli Türkmenistanyň at gazanan döwlet halk tans ansamblynda işledi. 1985-1991 ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat bölüminde gaýybana okap tamamlady. Türkmenistanyň döwlet tans ansamblynda işlän döwürlerinde dünýäniň 40 –dan gowrak döwletlerinde saparda bolup çykyş etdi. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at bilen sylaglandy. Birnäçe tans ansamblarynda dürli tanslary goýdy. 2007 ýyldan şu güne çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tans goýujy bolup işleýär. Teatrda goýulýan ençeme oýunlary tans goýmak bilen baýlaşdyrýar.
Döwlet sylaglary: Türkmenistanyň at gazanan artisti -1992ý.