Täze möwsüm “Akyldar” spektaklynyň ilkinji görekezilişi bilen bat alar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda pajarlap ösýän döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly baýramyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň ruhy, döredijilik we medeni kuwwatyny has-da ösdürmeklige goşant goşmak şeýle hem Beýik Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dana şahyryň pelsepesini, öwüt-ündewlerini mundan beýlägem halkymyza, bütün dünýä giňden ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda badalga beriljek teatr möwsüminiň açylyş gününi Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluna bagyşlap döredilen “Akyldar” atly mona-spektakly bilen başlaýar.
Ykbalyny halkynyñ hem tutuş adamzadyñ ykbalyna baglan Magtymguly Pyragynyñ hakykaty, adalaty agtarmak, Berkarar Döwlete ýetmek, ynsanlary ýagtylyga, ýagşylyga, söweşsiz dünýä gurmaklyga çagyrmak ýaly aýgytly maksat-matlaplaryndan söhbet açýan “Akyldar” atly sahna eserimiziň ilkinji görkezilişine ähli halkymyzy tomaşa etmäge çagyrýarys. Bu spektakl 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabr güni sagat 19:00-da başlanar.