Saýlan kärim
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýaşlaryň öňünde belent maksatlar goýuldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň şertler döredilýär. Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmeklikde uly goşant goşmaklaryna giň ýol açylýar.
2023-nji, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşygyny has-da berkitmek maksady bilen gol çekilen şertnama laýyklykda biziň ýaşlarymyz üçin Russiýa Federasiýasynda teatr hünäri boýunça ýokary okuw jaýynda okamak mümkinçiligi döredildi. Zehinli ýaşlary saýlap seçip almak maksady bilen Türkmenistanyň medeniýet ministrligi tarapyndan okuwa giriş synaglary gurnaldy. Şol geçirilen synaglara Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Geçirilen synaglaryň netijesinde 27 dalaşgär talyplar Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň iň abraýly institutlaryna, ýagny Moskwanyň döwlet medeniýet institutyna hem-de M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatr mekdebine girmäge hukuk gazandylar. Okuwa giriş synaglarynyň her bir institut tarapyndan onlaýn arkaly geçirilmegi, ýurdumyzda sanly ulgamyň has-da ýokary derejelerine galýandygynyň ýene bir şaýady bolup durýar. Russiýa Federasiýasyna bilim almaga giden ýaşlarymyz drama režissýory, drama we kino aktýory, köpçilikleýin medeni çärelerini guramak we dizaýn hünärleri boýunça bilim alýarlar.
Okuwa kabul edilenleriň arasynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýaş zehinli artisti Sanjar Sopyyýew, Türkmenistanyň baş akademiki drama teatrynyň ýaş zehinli artistleri Hekim Hakimow, Mekan Şyhyýew, Türkmenistanyň döwlet gurjak teatrynyň ýaş zehinli artistleri Süleýman Ataýew, Didar Kakageldiýew dagylaryň saýlap alan kärine bolan söýgüsi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda biz ýaşlara uly mümkinçilikler döredýänliginiň nusgasydyr.
Türkmen ýaşlarymyzyň Russiýa Federasiýasynda hem-de bütin dünýäde abraý bilen tanalýan ençeme sungat ussatlarynyň elinde bilim almagy bizi diýseň begendirýär. Moskwanyň Döwlet medeniýet institutyna giren 6 sany talybymyz SSSR-iň Döwlet laurýat premiýasynyň adyna eýe bolan Wladimir Semýanowiç Wysoskiniň ogly, Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň teatr režissurasy we aktýorçylygy fakultetiniň professory, Dagestanyň at gazanan artisti Nikita Wladimirowiç Wysoskiniň ýolbaşçylygynda bilim alýarlar. Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatr mekdebinde okaýan talyplarymyz bolsa Russiýanyň halk artisti Lýudmila Titowa Wladimirownanyň ýolbaşçylygynda öz kärini ussatlyk bilen öwrenýärler.
Russiýa Federasiýasynda okaýan talyplarymyz diňe bir alýan bilimleri bilen çäklenmän, ýurduň birnäçe şäherlerinde geçirilýän festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýeri gelende belläp geçsek biziň ýaşlarymyz öz sungat ýolunda birnäçe tanymal režissýorlar hem-de tanymal artistlar bilen bir sahnada işläp, bir sahnada çykyş edip özlerine peýdaly tejribeler gazanýarlar. Elbet-de bu zatlaryň ählisini özleşdirip, daşary ýurt sungatyndan öz paýyny alýan ýaş nesillerimiz, öz bilim ukyplaryny artdyryp, kämilleşip, okuwlaryny tamamlap öz Ata-watanyna gaýdyp gelenlerinden soň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ulgamyny has beýige galdyryp, öz halkyna, ýurduna hyzmat edip, halk halar sungat işgärleri bolarlar diýip umyt edýäris.
Türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary, saýlap alan kärlerini söýüp işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!