“MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR...”

Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary saýasynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar giň gerimde dowam edýär. Ýaňy ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem muňa açyk-aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taryhy festiwalda Gazagystan Respublikasynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky Mangistau welaýat sazly-drama teatrynyň “Guýy” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Kasymaly Jantoşewiň adyny göterýän Yssyk-Kul welaýat sazly drama teatrynyň “Ak gämi” atly sahna eserlerine biziň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyzyň jadyly sahnasynda orun berildi. Biziň teatrymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen “Akyldar” atly mono spektaklymyz bilen jemlenen bu festiwalda görkezilen ajaýyp spektakllar tomaşaçylarda gyzgyn ýatlamalar galdyrdy. Dana Pyragynyň ömür ýoluna, giň dünýä garaýyşyna, pelsepewi pikirlerine, pähim-paýhasyna bagyşlanyp geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny, ynsanyýete çyrag bolup hyzmat edýän beýik aň-düşünjesini dünýä ýaýmak ugrunda edýän aladalarynyň ýerine düşýänliginiň subutnamasyna öwrüldi.

 

Teatr

Garaşylýar..