Akyldar
Sözüñ güýji bilen añlary galkyndyrmagy başaran Magtymguly Pyragynyñ üç ýüz ýyllygyna bagyşlanan bu eser türkmen teatrlarynda beýik şahyryń ömür ýoly, pelsepesi barada sahnalaşdyrylan ilkinji mono-spektakldyr. Eserde ykbalyny halkynyñ hem tutuş adamzadyñ ykbalyna baglan Magtymguly Pyragynyñ hakykaty, adalaty agtarmak, Berkarar Döwlete ýetmek, ynsanlary ýagtylyga, ýagşylyga, söweşsiz dünýä gurmaklyga çagyrmak ýaly aýgytly maksatlary bar. Ýöne şeýle manyly matlaplara ýetmek ugrundaky göreşde Pyragy ýowuzdan-ýowuz synaglara döz gelip, ot-ýalynyñ içinden geçmeli bolar... "Akyldar" sahna eseri arzuw bilen ajalyñ çaknyşygydyr.
Teatr