Garaşanym

Baýram Abdyllaýewiň “Garaşanym” atly sahna eseri ykbalyň çylşyrymly öwrümlerinden, garaşylmadyk tötänliklerinden, şatlyk-şagalaňly pursatlaryndan söhbet açýar. Sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy pelsepewi pikir bolsa türkmen zenanlarynyň mertligi, ahlak aýratynlygydyr. Ýaşaýşyň ynsanlara bagş eden ähli lezzetlerinden geçip, bütin ömrüňi göwün beren adamyňa garaşyp ötürmek, birgiden bilinmezlikleriň, jogapsyz sowallaryň astynda ejizlemän umytda gezip bilmek ýeňil-ýelpaý synag däl bolsa gerek. Eseriň baş gahrymany Sadabyň şeýle agyr durmuş synagyndan başyny dik tutup geçmegi başarmagy biziň zenanlarymyzyň päkligini, belent mertebesini, beýik hem yranmaz ygrarlylyklaryny doly manyda subut edýär. Eser-de ýaşlyk edýänem, säwlik edýänem, dargursaklyk edýänem ýok däl. Beýle ýagdaýlar-da ýaşuly gahrymanlaryň paýhaslary,  öwüt-ündewleri olara dogry ýoly saýlamaga ýardam edýär. Sahna oýnunda maşgala gurmak meselesem giňden gozgalýar. Maşgala gurmagam, özüňe mynasyp taý gözlemegem adam üçin tebigy hem zerury zat. Maşgalaň bolmasa durmuşyň manysam ýok, gyzygam. Bu hakykat erkek adam üçinem, zenan üçinem ütgewsizligine galýar. Bir söz bilen aýdanyňda eser durmuşyň ähli dartgynlylyklaryny, ajysyny-süýjüsini, gülkisini-gaýgysyny öz içinde jemleýär.   

 

Teatr

Garaşylýar..