Handurdy Keýmirow
Handurdy Keýmirow Seýdiýewiç 10.08.96ý.
Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje daýhan birleşigi.
2008-2013ýý Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebini "Dutar" saz guraly boýunça tamamlady. 2014-2019ýý Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň "Saz mugallymy" fakultetini tamamlady. 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň artisti bolup işleýär.
Teatrda döreden keşpleri: "Türkmeniň ýoly", "Ependi sen kim?", "Müneçjim", "Magtymguly Pyragy", "Elwan ýaglykly serwim", "Akýigit we Zümmerret", "Kalp tary"-köpçülik sahnalarynda. "Lukman gelinlik"-tansçy, "Yşk mekany Hindistan"-tansçy, "Maşgalam baş galam"-tansçy, "Altyn jüýje"-gurbaga we jüýje, "Sakarja geçi"-garga, "Şadyýan sazandalar"-şagal, "Täze dostlar"-möjek, "Gezekli çemçe"-Alaja, "Aç möjek"-at, "Batyr towşan"-möjek, "Böwenjik"-Atajan, "Garaşanym"-Hemra, "Hak aşyklar"-Babahan, "Mähriban dideler"-Mergen, "Gyzyl alma"-Abbas, "Sabyr Ataýewa"-Gündogdy-(Gelin gelýär).