Bir gijäniň gudraty

Berkarar döwletimiziñ täze eýýamynyñ galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda teatr sungatymyz hem öñ görülmedik sepgitlere, üstünliklere, şanly menzillere ýetdi. Garaşsyz Watanymyzda erkin döretmäge, işlemäge, dünýä döwletleri bilen bäsleşmäge uly mümkinçilikler, ajaýyp şertler döredildi. Bu ajaýyp şertleriñ, mümkinçilikleriñ sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ "Halkym" diýip, "Ýurdum" diýip urýan merdana ýürekleridir. Yhlaslarydyr, aýgytlarydyr.

Täze sesler, täze ýollar, täze žanrlar, täzeçil pikirler bilen sungatyñ ömri uzaýar, çygry giñeýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp döredilen "Bir gijäniň gudraty" spektakly - barlag (eksperimental) eserdir. Spektakldaky wakalar hem gahrymanlar hiç bir millete dahylly bolman tutuşlygyna çeper toslamadan ybarat. Gülküli hem-de dartgynly pursatlara ýugrulan eseriñ baş gahrymany hyýal bilen hakykatyñ aralygynda azaşýar. Ol kä büdreýar, kä dikelýär, käte yşga uçraýar, käte bolsa ejizleýär. "Bir gijäniň gudraty" sahna eseri - bagtynyñ gadryny bilmedik betbagtyñ hem iki jahanyñ arasynda galan "sergezdanlaryñ" kyssasydyr. Eseriñ esasy maksady tomaşaçylaryñ teatra sarp eden gymmatly wagtlaryny hoş geçirmeklerini, sungatdan lezzet almaklaryny gazanmakdyr.

Teatr

Garaşylýar..