Döwletmyrat Hanmämmedow
Döwletmyrat Hanmämmedow. 27.10.1964ý-da
Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda doglan.
1988-nji ýylda Sankt-Peterburgyň N.Çerkasow adyndaky teatr saz we kinematografiýa institutynyň “gurjak teatrynyň artisti” hünärini tamamlady. 08.1988-04.2001ýý. Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti, 04.2001-02.2006ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady, 02.2006-09.2006ýý. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, 09.2006-09.2008ýý. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory, 09.2008-01.2012ýý. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň režissýory, 01.2012-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady bolup işleýär.
Teatrda döreden keşpleri: “Alp-Arslan“-Roman Diogen, “Daňdanakan bürgütleri”-Serkerde, “Amanat giýew”-Ymam Ependi, “Wah siz erkekler”-Bapby, “Yşgyň gämisi”-Aýdyň Amanow, “Yşgyň gämisi kenarda”- Aýdyň Amanow, “Ýeserler”-Baýram, “Şapak”-Nazar, ”Oýun bir, maza iki”-Ýaşka, “Kemal”-Raj, “Ýagşyzada-Haramzada”-Sergeý, “Janly gurjaklar”-Ubaýt, “Uly oglum”-Wasýa, “Altyn jüýje”-Jüýje, “Sawçylar”-Bop, “Seljuk söýgüsi”-Zyndanbaşy, “Nusaý söýgüsi”-Mitra, „Kabyl-Habyl“-Habyl, „Ýurt“-Melek Han, „Gabanjaň gelin“-Giçgeldi, „Watan hakda üç aýdym“-Amangeldi Gönübek, „Ýagtylan köňüller“-Bähbit, “Magtymguly-Pyragy”-Magtymguly, “Goja Çynar”-Jepbar, “Näzli Dildarym”-Gyraw, “Yşk mekany Hindistan”-Bagrat Sinh, “Garaşanym”-Bozagan, “Akyldar”-Magtymguly, “Sabyr Ataýewa”-Bibikow
Režissýorlyk eden spektakllary: “Aşyk peýker”, “Bir bakyşda söýen ýarym”, „Ketekde kim ýaşaýar“, “Demir donly”, “Dynç güni”, “Hudaýberdi – gorkak batyr”, “Bir towşanjyk bar eken”, ”Sakarja Geçi”.
Filimlerde: “Umyt mukamy”, “Kasam edýäris”, “Ýylanly ada”, “Öwrüm”, “Nejep oglan”, “Çapar”, “Asudalygyň goragynda”, “Jadyly hasa”, “Durmuş kyssasy”, “Ýaşlar”, “Wada”, “Magtymguly Pyragy”.
Döwlet sylaglary: “Türkmenistanyň at gazanan artisti” 1999ý
“Watana bolan söýgisi medaly” -2017ý
“Türkmenistanyň halk artisti” -2023ý