"SABYR EJEMIZ" ÖRBOÝUNA GALAR.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary, yhlaslary netijesinde milliligimizi, geçmişde yz galdyran şahsyýetlerimizi, zenanlarymymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesliklerimizi wasp etmek ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyñ Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşygynyñ milli merkezi, Türkmenistanyñ Zenanlar birleşiginiñ Merkezi geñeşi tarapyndan "Mähre doly eneleriñ ýüregi" atly teatr bäleşigi yglan edildi. Bäsleşigiñ esasy maksady halkymyzyñ özboluşly terbiýe mekdebiniñ emele gelmeginde enelerimiziñ, gelin-gyzlarymyzyñ goşandyny wasp etmek, Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyñ "Enä tagzym-Mukaddeslige tagzym" we beýleki atalyk kitaplarynyñ ähmiýetini sahna eseriniñ üsti bilen açyp görkezmek, taryhy zenan şahsyýetlerimiziñ şöhratyny dabaralandyrmak bolup durýar. Biziñ Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyz bu bäsleşige Türkmenistanyñ halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyñ eýesi Sabyr Ataýewanyñ ömür hem sungat ýoluna bagyşlanan sahna eseri bilen gatnaşar. Sabyr Ataýewa pajygaly döwrüñ perzendi. Şonuñ üçinem Sabyr ejemiziñ durmuş ýolundan görelde alarlyk, sapak alarlyk zat sanardan kän. 1917-nji ýylyñ 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyñ Bamy obasynda, Ata bilen Abadanyñ on çagasyndan biri bolup dünýä inen Sabyr Ataýewa heniz üç ýaşyndaka ýetim galýar. Şeýdibem synag başlaýar, külpet başlaýar. Gaýduwsyzlyga, garadan gaýtmazlyga ýugrulyşyñ ilkinji gadamlary goýulýar. Sabyr Ataýewanyñ Bamy obasyndan başlap tä sungat kämilligine, ahlak kämilligine çenli başyndan geçiren ömür pursatlary sahna eserinde dolulygyna suratlandyrylar. Spektaklda gozgalýan esasy meseleleriñ biri zenan erkinligi. Suratlandyrylýan döwre mahsus bolan bu mesele barada Sabyr Ataýewanyñ garaýyşlary, dogumly hereketleri, ugurtapyjylygy, ýaş nesli sowatly bolmaga, aýgytly bolmaga çagyrmagy, sahna eseriniñ terbiýeçilik ähmiýetini artdyrýar. Sahna eserinde millilik bar, türkmençilik bar, däplerimiz, dessurlarymyz bar. Gahryman hem kämil zenanlarymyzyñ gaýraty bar. Spektakly sahnalaşdyrýan Türkmenistanyñ at gazanan artisti Handurdy Berdiýew, awtory Gadam Kakabaýew, suratkeşi Mekan Annamyradow, saz bezegi Mämmet Hydyrow, yşyk bezegi Jeýhun Ataýew. Sahna eserinde Sabyr Ataýewanyñ keşbini üç aktrisa janlandyrar. Gerek Hojamämmedowa, Leýla Rustemowa, Suraý Sopyýewa. Bäsleşigiñ çäginde 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda sagat 19-00-da görkeziljek sahna eserimize tomaşa etmäge ähli halkymyzy, Sabyr Ataýewanyñ muşdaklaryny hormat bilen teatrymyza çagyrýarys.

Teatr

Garaşylýar..


MAGNITAFON
13.12.2025 19:00
Bilet