Sabyr Ataýewa
Sabyr Ataýewa pajygaly döwrüñ perzendi. Şonuñ üçinem Sabyr ejemiziñ durmuş ýolundan görelde alarlyk, sapak alarlyk zat sanardan kän. 1917-nji ýylyñ 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyñ Bamy obasynda, Ata bilen Abadanyñ on çagasyndan biri bolup dünýä inen Sabyr Ataýewa heniz üç ýaşyndaka ýetim galýar. Şeýdibem synag başlaýar, külpet başlaýar. Gaýduwsyzlyga, garadan gaýtmazlyga ýugrulyşyñ ilkinji gadamlary goýulýar. Sabyr Ataýewanyñ Bamy obasyndan başlap tä sungat kämilligine, ahlak kämilligine çenli başyndan geçiren ömür pursatlary sahna eserinde dolulygyna suratlandyrylar. Spektaklda gozgalýan esasy meseleleriñ biri zenan erkinligi. Suratlandyrylýan döwre mahsus bolan bu mesele barada Sabyr Ataýewanyñ garaýyşlary, dogumly hereketleri, ugurtapyjylygy, ýaş nesli sowatly bolmaga, aýgytly bolmaga çagyrmagy, sahna eseriniñ terbiýeçilik ähmiýetini artdyrýar. Sahna eserinde millilik bar, türkmençilik bar, däplerimiz, dessurlarymyz bar. Gahryman hem kämil zenanlarymyzyñ gaýraty bar.