Hormatly Prezidentimiziň sowgatlaryna mynasyp bolmak bagty.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlaslarynyň, halk bähbitli syýasatlarynyň netijesinde ýurdumyzda zähmet çekýäne, döredýäne, gurýana, öndürýäne ähli mümkinçilikler döredilýär, bimöçber sarpa goýulýar, şa serpaýlary ýapylýar. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygy hem-de Zenanlar guramasy tarapyndan yglan edilen "Mähre doly eneleriň ýüregi" atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýiş dabarasynyň uly şowhun bilen geçirilip, sungat ussatlaryna, teatrlara Hormatly Prezidentimiziň sowgatlarynyň gowşurylmagy hem munuň açyk-aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyz bu bäsleşige Türkmenistanyň at gazanan artisti, halypa režissýor Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran "Sabyr Ataýewa" dramasy bilen gatnaşdy hem-de iň köp baýrak alan spektakl boldy. Biziň çekýän ujypsyzja zähmetimizi hem gözden salmaýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatrymyzyň ähli işgärleriniň adyndan soňsuz minnetdarlyk bildirýäris. Goý olaryň mübarek menzilleri, sarpalary mundan beýlägem belent hem manyly mukam bolup jümle-jahana ýaň salsyn.