SUNGAT HEM SPORT

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyzda öz işgärlerimiziň arasynda 2025-nji ýylyň Aprel aýynda Döwletimizde giňden bellenilýän Saglyk güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri geçirildi.

Şu ýylyň aprel aýynyň 15-de küşt oýnmak boýunça ýaryş geçrilip, ol ýaryşyň ýeňijisi teatryň Baş administratory Gurbanberdi Nurymow 1-nji orna, teatryň tans goýujysy Hudaýberen Gylyjow  bolsa 2-nji orna mynasyp boldylar.

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 17-de teatrymyzyň gyzlarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş teatrymyzyň döredijilik topary bilen tehniki-hojalyk işgärleriniň arasynda geçirildi. Ýaryş gyzykly geçdi we 1-nji orna döredijilik toparyndan  teatryň ýokary derejeli artisti Leýla Rüstemowa mynasyp boldy.

Aprel aýynyň 21-de teatrymyzda oglanlarynyň arasynda teatrymyzyň döredijilik topary bilen tehniki-hojalyk işgärleri mini futbol oýny boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda döredilik toparynyň oglanlary ýeňiji boldular. Ýaryşda döredilik toparynyň agzasy bolan has köp pökgi geçiren  Hangeldi Garajaýew  tapawutlanyp aýratyn sylaga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Kärdeşler arkalaşygymyz bilen bilelikde 2025-nji Aprel aýynda Döwletimizde giňden bellenilýän Saglyk güni mynasybetli geçirilen medeni-köpçülikleýin bedenterbiýe ýaryşynda 1-nji orna mynasyp bolan we aýratyn tapawutlanan işgärlere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuruldy.

Teatr

Garaşylýar..