TÄZE MÖWSÜM - TÄZE AÝGYT
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, tutuş türkmen halkynyň ykbal ýoluna öwrülen parahatlyk söýüjilik syýasatymyzyň saýasynda ýurdumyz belent sepgitlere gadam goýmaklyga dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, çuňňur pähim-parasata ýugrulan başlangyçlary esasynda 2025-nji ýylyň ýurdumyzda hem dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bu ýylda Watanymyzyň şeýle belent sepgitlere, üstünliklere, mübarek menzillere ýetjekdiginiň habarçysydyr, buşlukçysydyr. Ägirt aýgytly Döwlet Baştutanymyz, Pyragy paýhasly Milli Liderimiz arkasyndaka milletimiz üçin ýetilmejek menzil, hasyl bolmajak arzuw, myrat tapmajak taglym ýok. Şonuň üçinem bu gün bütin dünýäniň nazary biziň asuda Watanymyzda. Türkmenistanymyzyň halkara abraý-sarpasy, şan-şöhraty sarsmaz, binýady mizemez.
Biziň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bagtyýarlygy üçin gije-gündiz çekýän zähmetlerinden çetde durmazlyk islegi bilen täze teatr möwsüminde ýylymyzyň şygaryna, ruhuna mynasyp goşant goşjak “Söweşe Garşy Söweş” atly täze sahna eserini halkymyza ýetirmekligi maksat edinýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanjak bu sahna eseri meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ýüzbe-Ýüz” atly powestiniň esasynda döredilip, spektakly Türkmenistanyň At gazanan artisti, ussat režissýor Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrýar. “Söweşe Garşy Söweş” - halklara hem könüllere, ömürlere hem ykballara ýüzlener. “Söweşe Garşy Söweş” atly sahna eserine - türkmen halkynyň gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýan asudalyk aýdymynyň beýik namasy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanýete nusgalyk parahatlyk ýollarynyň belent manysy siňendir.