Söweşe garşy söweş
“Söweşe garşy söweş” sahna eseriniň many-mazmun teswiri.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan umumadamzat ähmiýetli “Parahatlyk ýollary” jümle-jahana ýalkymly nuruny ýaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes başlangyçlarynyň netijrsinde 2025-nji ýylyň ýurdumyzda hem dünýäde “Halkara parahtçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň açyk-aýdyň subutnamasydyr.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gije-gündiz çekýän zähmetlerinden çetde durmazlyk islegi bilen ýylymyzyň şygaryna, parahatlyk söýüjilik taglymatynyň ruhuna mynasyp goşant goşjak hem-de halklaryň doganlygynyň, dostlugynyň binýadyny has-da berkitjek täze sahna eserine ýüzlenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanjak “Söweşe garşy söweş” atly bu sahna eseri meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ýüzbe-ýüz” atly powestiniň esasynda döredilendir,
“Söweşe Garşy Söweş” - halklara hem köňüllere, ömürlere hem ykballara ýüzlenýär. “Söweşe Garşy Söweş” atly sahna eserine - türkmen halkynyň gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýan asudalyk aýdymynyň beýik namasy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanýete nusgalyk parahatlyk ýollarynyň belent manysy siňendir.