Dost-Doganlyk Sungat bilen berkeýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-12-si aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda “Hemişelik Bitaraplyk - dost-doganlyk binýady” atly dünýäniň nusgawy awtorlarynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynyň hepdeligini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk berdi. Biziň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrymyz hem şu tabşyrykdan ugur alyp dünýäniň saýlama dramaturglarynyň naýbaşy eserlerini ýedi günüň dowamynda halkymyza ýetirdi. 6-njy dekabrda Fransuz ýazyjysy Klod Manýeniň “Oskar”, 7-nji dekabrda özbek ýazyjysy Hoja Abbasyň “Gyzyl alma”, 8-nji dekabrda ýene Çingiz Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim”, 9-njy dekabrda tatar ýazyjysy Zaki Zaýnulliniň “Alty gelin”, 10-njy dekabrda meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi”, 11-nji dekabrda tatar ýazyjysy Tufan Minnulliniň “Hüwdi”, 12-nji dekabrda Çingiz Aýtmatowyň “Söweşe Garşy Söweş” spektakllary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirli ýatlamalar galdyryp, abadan döwrümize, asuda asmanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan umumadamzat ähmiýetli döwlet syýasatlaryna, paýhaslaryna bolan buýsanç duýgularyny oýaranlygy ikuçsyzdyr. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Goý parahatlyga, dost-doganlyga eýlenen mukaddes Watanymyz mundan beýlägem ösüşlere ýar bolsun!

Teatr

Garaşylýar..


.....
04.04.2026 19:00
Bilet
Gumly gelin
05.04.2026 19:00
Bilet