Maşgalam - baş galam

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň çeper ýolbaşçylygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-ýyl talyby Tyllagözel Hydyrowanyň sahnalaşdyrylan, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň “Maşgalam-baş galam” atly fantasmagoriýa-komediýa oýny her bir adamyň, esasanam ýaşlaryň durmuşynda gabat gelýän meselä-maşgala gurmaga bagyşlanypdyr, sebäbi her bir maşgalanyň baş galasy maşgaladyr. Eseriň hut şeýle atlandyrylmagy jüpüne hem düşüpdir. Sebäbi pelsepe ylmynda adamzat jemgyýetiniň iň kiçi öýjügi diýip örän jaýdar kesgitleme berilýär. Fantasmagoriýa-komediýadaky wakalar çalt we gahrymanlaryň ýaşaýan real dünýäsinde we olaryň öz ýanlaryndan ynanýan ruhy dünýälerinde bolup geçýär. Muňa eser üçin saýlanyp alnan žanr ýol berýär. Aşyk bilen Magşuk ikisi biri-birine bir bakyşda maýyl bolup, yşgyň jümmüşine düşüp, biri-birinden başga dünýäni unudyp, hatda ruhy dünýäde, hyýaly dünýäde ýaşaýanlaryňam, meselem - kinniwanja “öý jynjagazynyň” hem göwnüne degýärler. Ýöne jynjagazam olaryň ýakasyny goýberäýenok. Netijede atalarynyň “asal aýynda hem ýaşaň hem abatlaň” diýip beren jaýynda hem dünýäni, hem beren sözlerini unudyp, hä diýmän ekiz çagalary bolup, çyrçykly günleri başlanýar! Edil şu erde - de “öý jynjagazy “ ýetişip ýaş çatynjalaryň arasyna çöp atýar. Aşyk bilen Magşuk ikisi tersleşýär. Aşygyň ýadyna ýaşlykda eden arzuwy düşüp döredijilik etmek üçin düýşündäki Arzuw periň yşgyna düşýär. Magşugyň kalbyna güman aralaşyp, çagalarynam alyp aýrylyşyp gitmegiň pikirini edip başlaýar. Şu ýerde-de olara garrylar: Eneleri we Atalary kömege ýetişýärler. Atalary igenip, utandyryp, gyssap, eneleri yrym bilen ýom bilen, höre-köşe bilen ýola getirýärler. Bu wakalaryň hemmesi bary-ýogy bäş görnüşiň içinde ýaňsyly-gülküli, yrym-ýomly, ertrekili hem ýumorly wakalaryň üsti bilen çözülýär. Wakalar ýürege düşmänkä başga bir garaşylmadyk äheňli waka bilen çalyşýar. Eseriň terbiýeçilik babatda ýaş-garry, ogul-gelin, garaz, maşgala agzalarynyň ählisine degişlidigi eseriň ähmiýetini artdyrýar.

Teatr

Garaşylýar..